Boeing iki sany 737 MAX heläkçilikleri bilen baglanyşykly kezzaplykda günäsini boýun aldy

  • 10.07.2024 13:29
  • 16k+

Boeing Indoneziýada we Efiopiýada iki sany 737 MAX uçarlarynyň heläkçiligi bilen baglanyşykly kezzaplykda günäsini boýun aldy. Kompaniýa ABŞ-nyň Adalat ministrligi bilen geleşik baglanyşmaga ylalaşdy diýip, Reuters ministrligiň bildirişine salgylanyp habar berýär.

Geleşige laýyklykda, Boeing 243,6 million dollar jerime tölär we üç ýylyň dowamynda uçuşlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin azyndan 455 million dollar sarp eder. Şeýle hem, korporasiýa tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada ýyllyk hasabatlary çap etjek garaşsyz gözegçiniň bellenilmegi göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, Boeing-iň direktorlar geňeşi iki uçar heläkçiliginde pida bolanlaryň garyndaşlary bilen duşuşmalydyr.
Indi bu şertnama kazyýet tarapyndan tassyklanmaly.
Reuters habar gullugynyň belleýşi ýaly, bu şertnama Boeing-e, "heläkçiligiň öňüsyrasynda kompaniýanyň kabul eden kararlaryna jemgyýetiň ünsüni çekip biljek" kazyýet işinden gaça durmaga mümkinçilik berer.
2018-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Indoneziýada Lion Air awiakompaniýasynyň Boeing 737 MAX uçary heläkçilige uçrady we 189 adamyň ölümine sebäp boldy. 2019-njy ýylyň 10-njy martynda bolsa, Efiopiýada şol bir kysymly uçar bolan Ethiopian Airlines hem heläkçilige uçrady we 157 adamyň ölümine sebäp boldy.
ABŞ-nyň prokuraturasynyň habaryna görä, korporasiýa Federal awiasiýa administrasiýasyny uçaryň programma üpjünçiligi babatynda ýalňyşdyrydy. 2021-nji ýylda Boeing Adalat ministrligi bilen şertnama baglaşdy, bu şertnama laýyklykda üç ýylyň dowamynda kompaniýa işlenip düzülen programma görä hereket etmelidi. Ýöne 2024-nji ýylyň maý aýynda prokuratura Boeing kompaniýasynyň bu şertleri bozandygyny aýtdy.
Uçar heläkçiliginiň pidalarynyň maşgalalary bu geleşigi tankytladylar. Käbirleriniň aklawçylary kazyýetiň bu karary ret etmegini sorajakdyklaryny aýtdylar.


24.04.2026 18:54
9.6k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

16.04.2026 14:05
8.8k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

23.03.2026 07:22
6.5k+

Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär...

23.03.2026 05:25
4.6k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar...