Italiýaly fizikler gözleg geçirip, ýumurtgany gaýnatmagyň iň gowy usulyny tapdy

  • 18.02.2025 21:16
  • 12k+

Italiýaly fizikleriň topary ýokumly maddalary saklamaga hem-de belok bilen ýumurtganyň sarysynyň ideal gurluşyny gazanmaga mümkinçilik berýän ýumurtgany gaýnatmagyň iň gowy usulyny tapdy. Alymlar bu meselä ýörite gözleg bagyşlap, onuň netijelerini Communications Engineering žurnalynda ýerleşdirdi.

Ýumurtgany taýýarlamakda esasy kynçylyk belok bilen ýumurtga sarysyny gatatmak temperaturasynyň tapawudy bilen baglanyşyklydyr. Belok 85 gradusda, ýumurtga sarysy bolsa 65 gradusda gaty bolýar. 100 gradus temperaturaly gaýnan suwda gaýnadylanda ýumurtga sarysy has gaty bolup biler, 60-70 gradus suwda bolsa belok ýeterlik derejede gyzmaýar.  
Alymlar ýumurtganyň ýylylyk geçirijiligini öwrenip, modelirlemäniň kömegi bilen iň gowy netijäniň şeýle gazanylýandygy baradaky netije geldi: ýumurtgany gaýnan suwa (100°C) we ýyly suwa (30°C) iki minut wagt aralygy bilen gezekli-gezegine salmaly. Bu prosedurany 32 minutyň dowamynda gaýtalamaly.
Bu usul 67 gradusa çenli gyzdyrylýan ýumurtga sarysynyň krem görnüşli konsistensiýasyny üpjün edýär we ýumşaklygy hem-de ýokumlylygy saklaýar.

“Bu aýratyn termiki profil ýumurtgany ähli tarapdan iň gowy derejede taýýarlamaga mümkinçilik berýär” – diýip, Possuolidäki Milli gözleg geňeşinden Pellegrino Mustonyň topary belledi.

Ylmy gözlegçiler şeýle çemeleşmäniň aşpezlik usulyny kämilleşdirjekdigine we ýumurtgany taýýarlamagyň has ýokary hilini üpjün etjekdigine ynanýar.


düýn 22:30
890

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....