Deadline: “Dýuna” filminiň üçünji bölümi tomusda düşürilip başlanar

  • 18.02.2025 21:05
  • 3.1k+

“Dýuna: Messiýa” filminiň önümçiligi 2025-nji ýylyň iýun aýynda başlar. Bu barada Deadline neşiriniň žurnalisti Baz Bambigboý habar berýär.

Warner Bros. studiýasy bu maglumatlara teswir bermedi we filmiň anyk senesi häzirem belli däl. Üçünji bölümde režissýor wezipesine Deni Wilnýow gaýdyp geler – trikwel onuň ýolbaşçylygynda düşürilen franşizanyň soňky filmi bolar.
“Messiýanyň” sýužeti ikinji bölümden 12 ýyldan soň ýaýbaňlanyp, Pol Atreýdesiň hökümdarlygy barada gürrüň berer. Film Frenk Gerbertiň adybir romanyna esaslanýar. “Messiýada” öz rollaryna Timoti Şalameniň, Zendaýanyň, Florens Pýunyň, Anýa Teýlor-Joýuň we beýlekileriň gaýdyp gelmegine garaşylýar.
Ilkinji “Dýuna” 2021-nji ýylda hödürlendi, onuň dowamy bolsa 2024-nji ýylda çykdy. Iki film dünýä prokatynda jemi 1,1 mlrd dollar gazandy. Güýzde HBO platformasynda “Dýuna: Welilik” (Дюна: Пророчество) serial-prikweli görkezilip başlandy. Şou eýýäm ikinji möwsüme uzaldyldy.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....