767-lik ekran gördüňizmi? Photonics dünýäde iň uly OLED monitoryny çykardy

  • 18.02.2025 17:59
  • 6.4k+

Photonics kompaniýasy JUMBO162 atly dünýäniň iň uly OLED displeýini hödürledi. Onuň diagonaly 767 dýuýma, ululygy 17 x 9,5 metre, meýdany bolsa 161,5 inedördül metre barabar. Öňki rekord hem şu kompaniýa degişlidi, emma öňki displeýiň ölçegleri munuň ýarysy ýalydy diýip, «TechRadar» neşiri ýazýar.

JUMBO162 köpçülikleýin çäreler we mahabat bildirişleri üçin niýetlenendir. Ol 4K çözgütde we 5000 kd/kw.m ýagtylykda işleýär.
Şemal göz öňünde tutulyp işlenip düzülen ekran 61 km/s tizlikdäki ýeliň täsirine garşy durup bilýär.
Gurluşyň üýtgeşik aýratynlygy – uly aýagy we stendi bolup, ol ekrany äpet ölçegdäki adaty monitora meňzedýär. Enjamyň bahasy barada häzirlikçe maglumat berilmedi.


09.01.2026 11:28
6.3k+

Hytaý dünýäniň iň çalt otlusyny jemleýji synaglara taýýarlaýar

2026-njy ýylda dünýäniň iň çalt elektrik otlusy bolan CR450 ýolagçy gatnawlaryna rugsat almak üçin iň soňky "ulanylyş bahalandyrmasyndan" geçer. Hytaýyň China Railway Rolling Stock Corporation (CRRC) korporasiýasy demir ýol infrastrukturasyna 520 milliard ýuan maýa goýmagy we 2000 kilometrden gowrak täze ýoly işe girizmegi meýilleşdirýär...

26.12.2025 09:16
7.6k+

Hytaýly inženerler magnitli platformany 2 sekuntda 700 km/s tizlige çykardylar

Hytaýda geçirilen synaglaryň barşynda köp tonnalyk elektromagnit dartyş güýji bilen işleýän wagon-platformany bary-ýogy iki sekundyň içinde 700 km/s tizlige çykarmak başartdy. CCTV-niň habar bermegine görä, bu görkeziji şeýle gurluşlar üçin dünýä rekordy boldy...

23.12.2025 18:27
5.7k+

Ýaponiýa lazer aragatnaşygy arkaly 2 Tbit/s tizlikde maglumat geçirip, dünýä rekordyny goýdy

Ýaponiýanyň Milli maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary instituty (NICT), şäher gurşawynda lazer şöhlesiniň kömegi bilen maglumatlary 2 Tbit/s tizlikde üstünlikli geçirip, erkin giňişlikdäki optiki aragatnaşyk (FSO) boýunça dünýä rekordyny yglan etdi...

11.12.2025 09:36
1.2k+

SpaceX kompaniýasy Falcon 9-yň birinji basgançagyny 32-nji gezek uçuryp, rekord goýdy

2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda (Aşgabat wagty bilen 9-njy dekabrda 03:26) SpaceX kompaniýasy Group 6-92 missiýasyny ýerine ýetirmek bilen, Starlink hemralarynyň täze toplumyny üstünlikli uçurdy. Floridadaky Kennedi kosmodromyndan uçuryş Falcon 9 raketasynyň B1067 belgili birinji basgançagynyň 32-nji uçuşy boldy we bu yzyna gaýtarylýan basgançaklary gaýtadan ulanmagyň sany boýunça täze rekorddyr...