SpaceX-iň Falcon 9 raketasy 26 uçuş bilen rekord goýdy

  • 18.02.2025 07:59
  • 1.7k+

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny täzeledi. Falcon 9 raketasy 26-njy uçuşyny amala aşyryp, 21 sany Starlink giň zolakly aragatnaşyk hemrasyny orbita çykardy.

Şenbe güni Falcon 9 Kanaweral burnundan uçdy. Uçuş gündogar wagty bilen 1:14-de (Aşgabat wagty bilen 12:14) boldy. Uçuşdan sekiz minut geçenden soň birinji basgançak Atlantik ummanyndaky platforma üstünlikli gondy. SpaceX gonuş wideosyny sosial ulgamlarda paýlaşdy.
Şol bir wagtyň özünde Falcon 9-yň ýokarky basgançagy uçuşdan 65 minutdan soň hemralary orbita çykardy. Bu hemralaryň 13-üsi ykjam telefonlar bilen gönüden-göni baglanyşmak mümkinçiligine eýedir.
Raketanyň birinji basgançagynyň uçuşy bir aý mundan öň goýlan rekordy täzeledi. Belläp geçsek, rekord 26 uçuşyň 15-isi Starlink missiýalaryna bagyşlandy.
Bu uçuş 2025-nji ýylda Falcon 9 üçin 20-nji we Starlink hemralarynyň toparyny giňeltmegiň çäklerinde 14-nji boldy. Häzir ulgamda 7 000-e golaý işjeň hemra bar.
Birinji basgançagyň öňki uçuşy 10-njy ýanwarda geçirilip, Starlink missiýasynyň bir bölegi boldy.


23.05.2026 15:01
3.7k+

SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji......

22.05.2026 08:14
3.2k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

19.05.2026 23:21
2.4k+

Adamyň Aýa gonmagy yza süýşürilýär: Aýa uçmaga derek – Ýeriň orbitasynda türgenleşik geçiler

NASA Artemis III adam dolandyryşly missiýasynyň maksatnamasyna takyklama girizdi: Aýa uçup, oňa gonmagyň deregine, ekspedisiýa Ýeriň pes orbitasynda amala aşyrylar. Bu uçuş geljekde Aýyň ýüzüne gonmak üçin......

15.05.2026 12:36
2.7k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......