Russiýa Starlink-e bäsdeş bolmakçy: 2027-nji ýyla çenli hemralaýyn internet ulgamy işe giriziler

  • 18.02.2025 10:36
  • 4.7k+

Russiýa 2027-nji ýyla çenli öz hemralaýyn internet ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada žurnalistlere wise-premýer – RF-iň hökümet diwanynyň ýolbaşçysy Dmitriý Grigorenko habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Häzirki günde şeýle tehnologiýalar bilen meşgullanýan birnäçe ýurt bar. Taslama durmuşa geçirmek tapgyrynda, 2030-njy ýyla çenli wagt bar. Biz 2026-njy ýylyň ahyrynda – 2027-nji ýylyň başynda olary synag-senagat ulanylyşyna goýbereris we internetden peýdalanmak üçin pes orbitadaky hemralar toparyny ulanarys diýip pikir edýäris” – diýip, Grigorenko belledi.

Hemralar toparynyň uçurylmagynyň esasy maksady çalt we arzan interneti üpjün etmekden ybarat. Grigorenko hemralar toparynyň çylşyrymly infrastruktura bolmazdan ýurduň islendik ýerinde we Ýeriň islendik nokadynda internete elýeterli bolmaga mümkinçilik berýändigini we onuň bahasyny peseldýändigini belleýär.
“Býuro 1440-yň” baş müdiri Alekseý Şelobkowyň belleýşi ýaly, 2027-nji ýyla çenli içerki önümçilige degişli bolan 250-den gowrak pes orbita hemrasyny uçurmak meýilleşdirilýär. Hemralaýyn internetden orta we iri kärhanalar, döwlet edaralary, uly we ýerli aragatnaşyk operatorlary, şeýle-de oba hojalygy, aragatnaşyk, ulag, syýahatçylyk ýaly ugurlarda hususy müşderiler peýdalanyp biler.


21.05.2026 18:14
2.5k+

SpaceX birža çykmak üçin arza tabşyrdy: Mask tiz wagtdan trillioner bolup biler

SpaceX kompaniýasy öz paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi taýdan arza berdi. Bu IPO-nyň Woll-strit taryhynda iň uly taslama bolmagyna we Ilon Maskyň baýlygyny ep-esli artdyrmagyna......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

09.04.2026 19:49
8.7k+

Russiýanyň ilçisi Putiniň we Mişustiniň Türkmenistana amala aşyrjak saparlary barada habar berdi

2026-njy ýylda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan»......

13.02.2026 15:31
4.9k+

Raşid Meredow we Sergeý Lawrow telefon arkaly bilelikdäki çäreleriň tertibini ylalaşdy

12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi...