Isleg teklipden agdyklyk edýär: Xiaomi 9 aýda 135 müň elektromobil satdy

  • 18.02.2025 07:55
  • 3k+

Xiaomi elektromobil önümçiliginde haýran galdyryjy üstünlikleri gazandy: kompaniýanyň ilkinji SU7 modeli önümçilige goýberilenden bäri 9 aýyň dowamynda alyjylara 135 000 awtoulag iberildi. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szýun Haýdýan sebitiniň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça geçirilen maslahatda habar berdi.

Bu netije pudak üçin rekord boldy. Xiaomi elektromobillerine bolan islegiň barha artýandygy sebäpli, täze awtoulaglara garaşmagyň möhleti-de 6-7 aýa çenli uzalýar.
2024-nji ýylyň üçünji çärýegi üçin maliýe hasabatyna görä, Xiaomi-niň umumy girdejisi 92,51 mlrd ýuan bolup, çak edilen 90,28 mlrd ýuandan geçdi – ösüş geçen ýyl bilen deňeşdirilende 30,5% boldy. Arassa girdeji 5,35 mlrd ýuana ýetdi, ýöne täze ugurlar sebäpli (elektromobiller ýaly) ýitgileri hasaba alanyňda, düzedilen arassa ýitgi 1,5 mlrd ýuan boldy. Muňa garamazdan, Leý Szýun kompaniýanyň netijelerini taryhda iň gowusy diýip atlandyrdy.
Elektromobil ugrunda gazanylan üstünlik kompaniýanyň ösüşi üçin esasy hereketlendiriji boldy. Kompaniýa bazardaky ornuny berkitmek üçin bu ugra maýa goýumlary artdyrmak, tehnologiýalary ösdürmek we harytlaryny gowulandyrmak isleýär. Şeýle-de, Xiaomi 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyl aralygynda ylmy gözleglere we işläp taýýarlamalara 105 mlrd ýuan maýa goýmagy meýilleşdirýär, şolardan 30 mlrd 2025-nji ýylda maýa goýlar.
Tutuş 2024-nji ýyl üçin maliýe netijeleri we beýleki meseleler 2025-nji ýylyň 18-nji martynda geçiriljek Xiaomi-niň müdirler geňeşiniň mejlisinde mälim ediler.


düýn 00:00
2.4k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....