Audi satuwynyň peselýändigine garamazdan, bahalaryny gymmatladar we lýuks awtoulaglara ýykgyn eder

  • 17.02.2025 23:22
  • 6.8k+

Audi kompaniýasy üçin 2024-nji ýyl örän şowsuz boldy. Onuň satuwy 11,8% azaldy. Şol sebäpden nemes awtoulag öndürijisi strategiýasyny düýpgöter üýtgetmek kararyna geldi. Indi Audi has gymmat ulaglary öndürip, premium synpy we ýokary hili esasy ugur edinmekçi bolýar diýip, «Motor1.com» neşiri habar berýär.

Satuwlaryň peselmegi, şeýle hem Tesla, BMW we Mercedes bilen bäsdeşligiň güýçlenýändigi sebäpli, kompaniýa ulaglaryň bahasyny galdyrmaga taýyn. Hatda bu strategiýa satylan ulaglaryň sanynyň azalmagyna getirse-de, Audi gymmat ulag pudagynda öz ornuny berkitmek isleýär.
Audi geljek ýyllarda iň arzan modelleri bolan «A1 Sportback» we «Q2» ýaly ulaglaryň önümçiligini bes etmegi meýilleşdirýär. Olaryň ýerine has gymmat we ýokary derejeli modeller öndüriler. «A3» indi Audi üçin başlangyç model bolar.
Bular üýtgeşmeleriň diňe bir bölegi. Täze meýilnamalara görä, geljekde flagman «A8» modeliniň täzelenen görnüşleri peýda bolup biler. Mundan başga-da «Grandsphere» we «Urbansphere» ýaly täze konsept modelleriň hem çykarylmagyna garaşylýar.
Täze strategiýa Audi-niň bazardaky abraýyny has-da ýokarlandyrar, şeýle-de ony lýuks bazaryndaky brendlere has ýakynlaşdyrar. Şol sebäpden Audi ulaglarynyň bahalarynyň ýakyn wagtda ep-esli ýokarlanmagyna garaşylýar. Bu ýagdaý bolsa premium synp ulaglary halaýan müşderiler üçin brendiň has-da islegli bolmagyna itergi berer.


09.05.2026 13:31
2.2k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...