Alymlar CO₂ bilen göreşmek üçin ummanda 1600 termoýadro bombasyny partlatmagy teklip edýär

  • 17.02.2025 17:10
  • 8k+

Ylmy gözlegçiler kömürturşy gazyny atmosferadan aýyrmagyň tebigy prosesini tizleşdirmek üçin 1620 termoýadro bombasyny ýarmagy teklip edýär.

Roçester tehnologiýa institutynyň ylmy gözlegçileri 50 megatonna kuwwatly termoýadro bombalarynyň ýarylmagy bazalt ýaly silikat jisimleriniň dargadylmagyny tizleşdirip biler diýip hasaplaýar. Bu proses kömürturşy gazyny tutup, ony minerallaşdyrýar we atmosferadan aýyrýar.
Teklip edilen usul deňiz düýbünde 4 km çuňlukda bombalary ýarmagy göz öňünde tutýar. 800 atmosfera basyşy zarba tolkunyny özüne siňdirmeli, partlama kuwwaty bolsa – takmynan, 81 gigatonna – jisimleriň çalt dargamagyny üpjün etmeli.
Hasaplamalara görä, täsir atmosferadan 30 ýyllyk CO₂ zyňyndylarynyň aýrylmagyna deň bolar. Alymlar radiasiýanyň minimal boljakdygyny, ummanyň ekoulgamynyň bolsa uly zyýan çekmejekdigini nygtaýar.
Häzir kömürturşy gazlaryny aýyrmak üçin owradylan bazalt meýdanlarda sepilýär, ýöne bu usul ýeterlik derejede täsirli däl.
Şol bir wagtyň özünde şeýle masştabdaky partlamalaryň näderejede howpsuzdygy baradaky sorag galýar.
Ylmy gözleg arXiv saýtynda ýerleşdirildi.


düýn 22:30
613

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....