Türkmen döwlet maliýe instituty mart aýynda bitaraplyk mowzugy boýunça onlaýn olimpiada geçirer

  • 17.02.2025 16:44
  • 4.8k+

Türkmen döwlet maliýe instituty mart aýynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Bitaraplyk ýoly – parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly” atly onlaýn olimpiada geçirer. Bu barada Orient agentligi habar berýär.

Olimpiadanyň test soraglary bitaraplygyň taryhy kökleri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşlarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň aýratynlyklary, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we onuň nyşany; halkara gatnaşyklarda bitaraplyk syýasaty ýaly mowzuklara esaslanar.
Bäsleşik türkmen dilinde geçirilýär. Her bir ýokary okuw mekdep 5 talyby hödürläp biler. Olar bir sagadyň dowamynda 60 sany test soraglaryna dogry jogap bermeli.
Onlaýn-olimpiada 17-nji martda sagat 15:00-da başlap, oňa Türkmenistanyň döwlet maliýe institutynyň sanly platformasy arkaly gözegçilik ediler.
Olimpiada gatnaşjak talyplaryň sanawyny we olar baradaky maglumatlary guycmyratsoltanmyradow@gmail.com elektron salgysyna 15-nji marta çenli ugratmaly.
1, 2 we 3-nji ýerlere mynasyp bolan talyplar Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektorlygynyň adyndan diplomlar bilen sylaglanar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+99365 55-33-66;
+99365 41-00-55;
+99363 24-99-50.


28.06.2026 23:39
3.8k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

28.06.2026 10:02
2.1k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2.1k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.2k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......