Täze “Kapitan Amerika” filmi tutman biler: ol Marvel-iň taryhynda iň pes baha mynasyp boldy

  • 17.02.2025 16:31
  • 5.1k+

Täze “Kapitan Amerika: Ajavyp täze dünýä” atly film Marvel kino äleminiň taryhynda tomaşaçylaryň iň pes bahasyna eýe boldy.

CinemaScore-da tomaşaçylar filme “B-” baha berdi. Bu Marvel-iň filmi üçin iň ýaramaz netijedir. Hatda “Kapitan Marvel 2” bilen “Garynja adam  we Ary: Kwantomaniýa” ýaly şowsuz hasaplanan filmleriň hem bahalandyrmasy biraz ýokary boluňdy - "B".
Rotten Tomatoes saýtynda film 234 synyň esasynda diňe 50% oňyn seslenme aldy, ortaça bahalandyrmasy bolsa 10-dan 5,5 boldy.
Şol bir wagtyň özünde, tankytçylar Entoni Makiniň täze Kapitan Amerikanyň keşbinde şowly çykyş edendigini belleýärler, ýöne sýužetiniň içgysgynçdygyndan we beýleki filmlere salgylanmalaryň köpdüginden zeýrenýärler. Metacritic-iň bahasy hem öwerlik däl. Ol bu filme 100-den 42 bal berdi, bu esasan negatiw seslenmeleriň köpdügini görkezýär.
Bu sýužetleriň gowşakdygy, täze pikirleriň ýokdugy we gahrymanlaryň düşnüksizdigi üçin Marveliň ilkinji gezek tankyt edilişi däl. Emma “Kapitan Amerikanyň” şowsuzlygy Marvel Studios-yň ýolbaşçysy Kewin Faýgi we onuň topary üçin duýduryjy yşarat bolup biler. Olar täze film döretmeklige bolan çemeleşmelerini gaýtadan gözden geçirmeli bolarlar.


şu gün 11:31
940

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.5k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....