Pestisidler ösümlikleriň we haýwanat dünýäsiniň 800-den gowrak görnüşine howp salýar - alymlar

  • 16.02.2025 19:25
  • 3.7k+

Hytaýly we ýewropaly alymlar pestisidleriň (ösümliklerde zyýanly mör-möjekleri zäherläp ýok edýän jisimler) haýwanlaryň, ösümlikleriň we beýleki organizmleriň 800-den gowrak görnüşine zyýanly täsir edýändigini anykladylar. Ekologlar olary ulanmagy azaltmagyň zerurdygyny bellediler. Bu barada Beýik Britaniýanyň Ekologiýa we gidrologiýa merkeziniň (UKCEH) metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär.

Barlagyň dowamynda bu maddalaryň tebigata ýetirip biljek 20 000-den gowrak täsiri seljerildi.
Pestisidler ýabany haýwanlara we guşlara aýratyn güýçli täsir edýär, olaryň ösüşini 10% we köpelişini (20-30%) haýalladýar. Mysal üçin, insektisidleri ulanmak haýwanlaryň nerw ulgamyna, fungisidler topragyň mikroflorasyna täsir edýär. Bu mikroorganizmleriň köpelmegini haýalladýar we fermentleriň işjeňligini üýtgedýär.
Ekologlar köne we täze pestisidleriň zäherli täsirleriniň arasynda düýpli tapawudyň ýokdugyny bellediler. Bu häzirki zaman derman serişdeleriniň zyýanynyň ujypsyzdygy baradaky tassyklamany şübhe astynda goýýar.

“Biziň barlagymyz pestisidleriň daşky gurşawa nähili täsir edýändigini dünýä derejesinde göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Olar zerur zyýankeş hasaplanýar. Olar bolmasa biz ýeterlik derejede azyk öndürip bilmeris, maldarlar  bolsa girdejisiz galarlar. Şeýle-de bolsa, ýygnan subutnamalarymyz olaryň ulanylyşyny azaldýan çäreleri we amaly işleri girizmegiň zerurdygyny görkezýär "-diýip, UKCEH-iň ylmy işgäri Ben Wudkok mälim etdi.

Alymlar has ygtybarly pestisidleri öndürmäge we oba hojalygynda olaryň ulanylyşyny azaltmak bilen bagly çäreleri görmäge çagyrýarlar.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....