Aşgabatda Türkmenistanyň kazylarynyň VII maslahaty geçirildi

  • 16.02.2025 13:47
  • 6.4k+

15-nji fewralda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde Türkmenistanyň kazylarynyň VII maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň kazyýet edalarynyň kazylary we kazyýet işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen gurnalan göçme sergä aýlanyp gördüler. Sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplary, şeýle hem ýurdumyzyň görnükli suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň naýbaşy eserleri aýratyn orun aldy.
Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň garaşsyzlygyny, açyklygyny we aýanlygyny, şeýle hem jemgyýetiň kazyýet ulgamyna bolan ynamyny, adyl kazyýetligiň hilini ýokarlandyrmak, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanun arkaly goralýan döwlet hem jemgyýetçilik bähbitleriniň kazyýet tarapyndan goralmagyny kämilleşdirmek barada jogapkärli wezipeleri mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmegiň ugurlary maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşinde kazyýet ulgamynyň işiniň netijeli häsiýetini, ykdysady giňişligiň bitewiligini we ygtybarlylygyny has-da pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramagy ýokary derejede alyp barmak, kazyýet kararlarynyň adalatly, kanuny we esasly bolmagy hem-de hili babatda kazylaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak barada maslahatda giňişleýin çykyşlar edildi.
Şeýle hem maslahatda kazyýet hakynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler boýunça çykyşlar edildi. Öňdebaryjy halkara tejribesinden ugur alnyp, kazyýet ulgamynyň işini ösdürmek, kazyýet kararlarynyň hilini has-da kämilleşdrimek babatda birnäçe teklipler öňe sürüldi.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejesinde belleniljek “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň kazyýet edaralary tarapyndan amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän çäreler baradaky çykyşlara hem maslahatda aýratyn orun berildi.
Kazyýet edaralarynyň işiniň we kazyýet önümçiliginiň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek, kazylaryň we kazyýet işgärleriniň hünär ussatlyklaryny we bilim derejelerini ýokarlandyrmak, kazyýetleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak ýaly wajyp wezipeleri amala aşyrmak boýunça teklipler öňe sürüldi. Türkmenistanyň Kazylarynyň VII maslahatynyň jemleri boýunça karar kabul edildi.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....