Airbus uçarlaryny iki gatly ýolagçy oturgyçlary bilen enjamlaşdyrmak isleýär

  • 16.02.2025 13:27
  • 9.9k+

Airbus korporasiýasy öz uçarlaryny iki gatly ýolagçy oturgyçlary bilen enjamlaşdyrmak mümkinçiligini öwrenýär. Şeýle etmek bilen olar ekonom klas ýolagçylarynyň daryşganlyk meselesini çözmek isleýärler.

Bu teklibi baryp, birnäçe ýyl mundan ozal, Chaise Longue awiasiýa startapy hödürläpdi. Emma Airbus-yň inženerleri ýolagçylary iki gatly oturgyçlarda oturtmak düşünjesi bilen häzir gyzyklanyp başladylar.
Chaise Longue-niň dizaýneri we ýerine ýetiriji direktory Alehandro Nunýes Wisenteniň pikirine görä, “plaskart” görnüşde oturdylanda aşaky gatdaky ýolagçylar aýaklaryny doly uzadyp bilerler, ýokarky gatdaky ýolagçylar bolsa oturgyçlaryny aňrybaş arkan serpip bilerler.
Emma internet ulanyjylary täze düşünjäni bimany hile, onuň maksady bolsa salona mümkin boldugyça köp ýolagçyny ýerleşdirmek diýip hasapladylar.


25.06.2026 23:36
5.2k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......