Samsung iň arzan 5G smartfonyny tanyşdyrdy - Galaxy F06 5G

  • 16.02.2025 00:44
  • 6k+

Samsung kompaniýasy Hindistanda iň arzan 5G smartfonyny – Galaxy F06 5G-ni tanyşdyrdy. Enjam MediaTek Dimensity 6300 prosessory esasynda işleýär diýip, «Android Headlines» neşiri habar berýär.

Smartfon 6,7 dýuýmlyk PLS ekran (Samsung-yň IPS-ine meňzeş) bilen enjamlaşdyrylan. Onuň durulygy 1600 × 720 piksel, täzeleniş ýygylygy 60 Gz, iň ýokary ýagtylygy bolsa 800 kd/m². Ekranyň ýokarky böleginde 8 MP çözgütde surata düşürýän kamera kesigi bar. Esasy kamera blogy 50 MP sensor we çuňlugy hasaplamak üçin goşmaça 2 MP sensor bilen enjamlaşdyrylan. Esasy kamera sekuntda 60 kadr tizlikde 1080p durulykdaky wideony ýazga almaga mümkinçilik berýär.
Enjam 5000 mAh kuwwatly batareýa bilen üpjün edilýär, ol 25W zarýad almagy goldaýar. Täze smartfonyň 3,5 mm ses girişi we güýçli ses dinamikalary bar. NFC goldawy ýok. Enjam Android 14 OS esasly OneUI interfeýsinde işleýär. Samsung bu enjam üçin dört esasy OS täzelenmesini we dört ýyllyk howpsuzlyk täzelenmelerini wada berýär.
Galaxy F06 5G Bahama Blue (gök) we Lit Violet (açyk benewşe) reňklerinde hödürlenýär.
4 GB operatiw ýady (RAM) we 128 GB hemişelik ýady bolan görnüşi 109 dollar, 6 GB operatiw ýady we 128 GB hemişelik ýady bolan görnüşi bolsa 126 dollar bahasy bilen 20-nji fewralda Hindistanda satuwa çykarylar.


18.06.2026 22:08
3k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....