Samsung Galaxy S25 üçin ilkinji howpsuzlyk täzelenmesi çykdy

  • 15.02.2025 17:57
  • 5k+

Samsung täze Galaxy S25, Galaxy S25+ we Galaxy S25 Ultra smartfonlary üçin ilkinji howpsuzlyk täzelenmesini çykardy. 2025-nji ýylyň fewral aýyndaky täzelenmesi indi S93XNKSU1AYB3 programma üpjünçiligi wersiýasy bilen Günorta Koreýada elýeterlidir. Ýakyn wagtda beýleki sebitlerde hem peýda bolmagyna garaşylýar.

Täzelenme Google tarapyndan Android ýadrosynda düzedilen 37 gowşaklygy çözýän fewral aýyndaky Android howpsuzlyk patçyny öz içine alýar. Bu gorag gowşaklyklaryň biri "howply", galanlary "örän wajyp" diýip bellendi.
Mundan başga-da, täzelenmede Galaxy enjamlaryna mahsus 7 sany howpsuzlyk meselesine düzedişler bar. Bulara Android 12-den Android 14-e çenli wersiýalaryň  Qualcomm Snapdragon çipsetli telefonlarynda tapylan gowşak goraglar we iň soňky Wear OS we Samsung One UI Watch wersiýaly Galaxy akylly sagatlara zyýan berip biljek eksploýt degişli.
Galaxy S25 seriýasy Android 15 esasly One UI 7.0 bilen bir hepdeden hem az wagt mundan öň satuwa çykdy. Samsung bu enjamlar üçin operasiýa ulgamynyň we howpsuzlygyň 7 ýyllyk täzelenmelerini wada berýär.
Howpsuzlyk täzelenmesi elýeterli bolandan soň, dünýädäki üç sany Samsung Galaxy S25 modeliniň eýeleri ony adaty usulda gurup  bilerler: “Sazlamalar” > “Programma üpjünçiligini täzelemek” > “Göçürip almak we gurmak” düwmesine basmaly.


11.04.2026 14:59
7.8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.2k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...