Aşgabatda Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça pudagara toparynyň mejlisi geçirildi

  • 15.02.2025 12:12
  • 3.3k+

14-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem beýleki pudak edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Gün tertibine laýyklykda, toparyň 2024-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy hem-de 2025-nji ýylda öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara ynsanperwer hukugy boýunça Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanda bu ugurda kabul edilen resminamalara laýyklykda, işleriň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Pikir alyşmalaryň çäginde bellenilişi ýaly Pudagara toparyň ileri tutuýan wezipeleriniň arasynda ilatyň hukuk bilimliligini ýokarlandyrmak, hukuk maglumatlaryna elýeterliligi giňeltmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň kanunçylygynyň milli tejribeleri, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýändigi beýan edildi.
Mejlisde başga-da birnäçe meselelere garaldy.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....