Optimus robotlary garaşar: Chery-nyň DeepSeek ulgamly robotlary tiz wagtdan satuwa çykar

  • 15.02.2025 11:54
  • 3.2k+

Hytaýyň Chery konserniniň robototehnika ýöriteleşýän Chery Aimoga bölümçesi gysga wagtyň içinde özüni görkezen DeepSeek neýroulgamynyň işläp düzüjisi bilen hyzmatdaşlyk edip başlady.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Aimoga robotlaryny ses arkaly dolandyrmagy kämilleşdirmek üçin DeepSeek platformasynyň ösen EA modelleri ulanylar. Eýýäm häzir kompaniýanyň bulut platformasynda Chery 4S robotlarynyň interfeýsiniň işini üpjün edýän DeepSeek V2, V3 we R1 modelleri ulanylýar. Eýýäm indiki hepdede bu robotlaryň hakyky şertlerde synaglary başlanar.
Chery Aimoga 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda adampisint robotlary halkara bazaryna çykarmagy meýilleşdirýär. Ilkibaşda olary awtomobil saýlananda müşderilere kömekçi hökmünde awtosalonlarda ulanmak göz öňünde tutulýar.
Geljekde kompaniýa adamlary, robotlary we ulag serişdelerini birleşdirýän bitewi intellektual ekoulgamy döretmek isleýär.
Belläp geçsek, Chery EA pudagynda 2010-njy ýylda işläp başlady. Şondan bäri kompaniýa Baidu we iFlytek ýaly pudak ägirtleri bilen hyzmatdaşlykda öz “akylly” tehnologiýalar bazasyny yzygiderli ösdürýär. 2018-nji ýylda Chery EA pudagynda CHERYLION platformasyny işe girizdi. 2020-nji ýylda bolsa gumanoid robotlary işläp taýýarlamagyň aýratyn programmasyny döretdi.
Netijede, Aimoga brendi – gumanoid we it şekilli robotlaryň brendi hödürlendi we soňky 15 ýyl bäri kompaniýa işläp taýýarlamadan başlap, köpçülikleýin önümçilige çenli robototehnika ugruny yzygiderli ösdürip gelýär.


düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......