Britni Spirs MTV tarapyndan 2000-nji ýyllaryň iň beýik artisti hökmünde saýlandy

  • 15.02.2025 11:42
  • 2.8k+

Britni Spirs MTV tarapyndan 2000-nji ýyllaryň iň beýik artisti diýlip ykrar edildi. Aýdymçynyň soňky konsertini ýedi ýyl mundan ozal berendigine we täze aýdymlarynyň, çykyşlarynyň ýokdugyna garamazdan, onuň ady KHBS-de wagtal-wagtal peýda bolýar. 

Şeýle-de, onuň aýdymlaryna diňe bir muşdaklary däl, eýsem beýleki sazandalar tarapyndan häzirem uly isleg bildirilýär. Olar Spirsiň döredijiliginden ruhlanyp, onuň aýdymlaryna kawer çykarýar.
Şeýle-de, iň beýik artistleriň sanawynda Eminem, Black Eyed Peas we Beýonse bar. Olaryň yzyndan Şakira we The Killers topary gelýär. Altynjy orny Jastin Timberleýk, ýedinji orny Rianna eýeledi. Sanawyň yzyny Maroon 5 we Kaýli Minoug dowam etdirdi.
Iň beýik artistler göni ýaýlymda yglan edildi.
Ýatlap geçsek, Universal studiýasy awtobiografik kitap boýunça Britni Spirs barada terjimehal filmi düşürmäge taýýarlanýar.

şu gün 16:55
693

BMG, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýer titremelerinden ejir çeken Wenesuela kömek iberdi

Halkara guramalar we birnäçe döwletler bolup geçen iki sany weýrançylykly ýer titremesinden soň Wenesuela ynsanperwer kömegini bermegi yglan etdiler. Iň soňky maglumatlara görä, ýurtda aradan çykanlaryň sany......

şu gün 15:06
782

Ryanair awiakompaniýasy ene-atalara çagalarynyň ýanynda mugt oturmaga rugsat berdi

Irlandiýanyň Ryanair awiakompaniýasy Beýik Britaniýanyň Bäsdeşlik we bazarlar boýunça edarasynyň (CMA) derňew işine başlamagyndan soň, uçaryň bortunda maşgala agzalaryny oturtmagyň düzgünlerini üýtgetdi.......

şu gün 14:59
985

Mercedes-Benz işgärlerine sylag pullaryny bermegi yza süýşürmekçi we iş hepdesini uzaltmakçy

«Mercedes-Benz» işgärlere sylag pullaryny (premiýalaryny) geljek ýyla çenli yza süýşürmek kararyna geldi we goşmaça tölegsiz iş hepdesiniň dowamlylygyny artdyrmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýar. Bu......

şu gün 10:00
2.9k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......