NASA Ýere meňzeş 25 planetany gözlemek üçin “Super-Habbl” döreder

  • 15.02.2025 09:19
  • 2.3k+

NASA beýleki planetalarda ýaşaýşy gözlemek üçin “Super-Habbl” bolup hyzmat etjek täze Habitable Worlds Observatory (HWO) kosmos teleskopyny işläp taýýarlaýar. Taslamanyň ylmy ýolbaşçysy Kada Arni täze gurallaryň we tehnologiýalaryň netijesinde “Biz Älemde ýekemi” diýen soraga jogabyň tiz tapylyp bilinjekdigini aýtdy.

Häzirlikçe bu kosmos taslamagyň irki tapgyrynda bolup, onuň gutarnykly görnüşi-de kesgitlenmedi. Ýöne teleskopyň uly boljakdygy belli: onuň ini 6-8 metre ýetip biler, “Habblyň” diametri bolsa bary-ýogy 2 metre ýetýär. Şeýle uly gurluşy uçurmak üçin, Blue Origin-iň New Glenn ýa-da SpaceX-iň Starship raketa göterijisi gerek bolar. Starship diňe bir teleskopy orbita çykarjak serişde hökmünde däl, eýsem onuň üçin hyzmat ediş platformasy hökmünde göz öňünde tutulýar.
Teleskop dört esasy gural bilen enjamlaşdyrylar. Olaryň biri uzakdaky ýyldyzlaryň töwereginde Ýeriň ululygyndaky planetalary tapjak koronograf bolar. Bu koronografyň prototipini 2026-njy ýylda NASA-nyň täze “Nensi Greýs Roman” teleskopynda kosmosa çykarmak meýilleşdirilýär. HWO ýokary durulykdaky kamera we ösen spektroskopa eýe bolar. Onuň uçuşy 2030-njy ýyldan 2040-njy ýyl aralygynda meýilleşdirilýär. 
Teleskopyň esasy wezipesi Ýere meňzeş azyndan 25 ekzoplanetanyň katalogyny düzmekden we olarda kislorod, metan we ozon ýaly ýaşaýyş alamatlarynyň bardygyny seljermekden ybarat. Eger HWO 25 planetany öwrenip, olarda ýaşaýyş alamatlaryny tapmasa, bu Älemde ýaşaýşyň näderejede seýrek bolup biljekdiginiň ylmy subutnamasy bolar.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....