Hytaýly ýangyn söndürijiler halas ediş işleri üçin robot itleri ulanyp başlady

  • 15.02.2025 09:14
  • 2.8k+

Hytaýyň Hunan welaýatynda ýangyn söndürijiler ilkinji gezek heläkçilik-halas ediş we beýleki wezipeler üçin niýetlenen täze X30 robot itini ulandy. Bu barada Global Times habar berýär.

Robot DEEP Robotics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi we birnäçe özboluşly häziýetlere eýedir. Onuň uzynlygy 1 metr töweregi bolup, agramy 56 kg barabar. Robot it Selsiý boýunça -20 gradusdan +50 gradusa çenli temperaturada işläp bilýär.
Ulanylyşa goýberilmezden öň X30 ýangyn okuw-türgenleşiklerinde we hakyky adatdan daşary ýagdaýlarda synagdan geçirildi.
Robot heläkçilik-halaş ediş işlerinde, polisiýa patrullarynda, şeýle-de elektrik üpjünçilik ulgamlaryny barlamak we beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ulanylýar. Ol uzak aralykdan dolandyryş we ikitaraplaýyn aragatnaşyk bilen üpjün edilen bolup, ýangyn söndürijilere uzakdan dolandyrmaga we tüssäniň, zyýanly gazlaryň derejesi we beýleki howplar barada möhüm maglumat almaga mümkinçilik berýär.
Şeýle-de, robot giňişligi skanirläp, ýeriň kartasyny döredip, maglumatlary halasgärlere iberip bilýär.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......