Türkmenistanda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň ýeňijileri sylaglanyldy

  • 15.02.2025 08:23
  • 3.1k+

12-nji fewralda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän çeper elli tikinçi zenanlaryň arasynda «Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berdi.

Bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guraldy. Onuň maksady zenanlarymyzyň pederlerimizden galan nusgalyk däplerine, waspy dünýä ýaň salan gadymy milli nagyşlarymyzyň inçe syrlaryny nesilden-nesle geçirip, şu günlere ýetiren ene-mamalarymyzyň tikinçilik sungatyna bolan belent söýgüsini halkyň arasynda ýaýbaňlandyrmak, olaryň gymmatly baý iş tejribelerini açyp görkezmek, päk ýürekden zähmet çekýän zenanlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek bolup durýar.


«Hünärim bar – hormatym bar» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşýan gelin-gyzlar öz aralarynda bäsleşdiler. Birnäçe tapgyrdan ybarat bolan bäsleşikde emin agzalarynyň ses bermegi esasynda ýeňijiler yglan edildi.
Bäsleşigiň dowamynda aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


düýn 00:03
3.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.9k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......