"Last Samurai Standing": Netflix «Sýogun» bilen «Kalmar oýnunyň» utgaşmasyny çykarar

  • 14.02.2025 11:29
  • 4.3k+

Netflix 2025-nji ýyldaky iň esasy ýapon premýeralaryny mälim etdi, olardan biri bolsa «Last Samurai Standing» atly drama serialydyr diýip, Variety neşiri habar berýär.

Serialda Edo döwrüniň (1603-1868) ahyrynda güýçlerini we statuslaryny ýitiren samuraýlaryň ýaşamak üçin rehimsiz turnirde söweşmäge mejbur bolýandyklary barada gürrüň berilýär. Oýunlaryň guramaçysy Kiotodaky Tenrýu-dzi ybadathanasynda 300 sany söweşijini jemläp, ýeňijä 100 milliard ýena baýrak wada berýär.
Serialyň baş keşbini meşhur ýapon aktýory Dzýuniti Okada ýerine ýetirýär. Ol şol bir wagtda prodýuser we söweş sahnalarynyň horeograflaryndan biri hökmünde çykyş edýär.

"Last Samurai Standing" bu Ýaponiýadaky iň güýçli we iň ussat söweşijileriň birdenkä adaty adamlara öwrülip, aman galmak üçin söweşmeli bolsalar näme boljakdygyny görkezýär. "Sýogun" bilen "Kalmar oýnunyň" utgaşmasyny göz öňüne getirip görüň» diýip, Netflix Japan-yň mazmun bölüminiň ýolbaşçysy Kaata Sakamoto düşündirýär.

«Last Samurai Standing» şu ýylyň noýabr aýynda görkezilip başlanar.


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....