YouTube-a indi smartfonda däl-de, telewizorda has köp tomaşa edilýär

  • 13.02.2025 23:52
  • 1.8k+

Adamlar indi YouTube-a smartfonlarda däl-de, telewizorlarda has köp tomaşa edýärler. Platformanyň ulanyjylary her gün umumy dowamlylygy bir milliard sagatdan köp bolan mazmunlary görýärler diýip, platformanyň baş müdiri Nil Mohan habar berýär.

YouTube soňky iki ýyl bäri ABŞ-da iň köp görülýän wideo akym hyzmaty bolup gelýär we munuň esasly sebäpleri bar. Platformanyň administrasiýasynyň telewizor üçin niýetlenen goşundyny ep-esli üýtgedip, ony doly akym hyzmatyna öwürmek baradaky syýasatlary oňyn netijeler berdi.

«Telewizor görmek diýmek, indi barha köp adam üçin YouTube görmek diýen ýaly. Emma “täze” telewizor “köne” telewizor ýaly däl. Ol Shorts (hawa, adamlar olaram telewizorda görýärler), podkastlar, göni ýaýlymlar, şeýle-de sport, sitkomlar we tok-şoular ýaly adamlaryň eýýämden söýýän zatlaryny öz içine alýan interaktiw platforma» diýip, Nil Mohan aýtdy.

YouTube TV bölümi eýýämden 8 milliondan köp abuna ýetdi. YouTube Premium we Music bolsa, ilkinji aýdaky mugt abunalary hem hasaba almak bilen 100 million ulanyja ýetdi. Platforma geçen ýyl hem şu görkezijileri mälim edipdi.
YouTube-yň ýolbaşçysy hyzmatlaryň mundan beýläk-de kämilleşdiriljekdigini we YouTube Premium abunalarynyň täze aýratynlyklardan peýdalanjakdygyny wada berdi.


03.05.2026 23:57
1.3k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

28.10.2025 00:36
1.4k+

YouTube aýdym-saz pudagyna ýylda 8 mlrd dollardan gowrak töledi

2024-nji ýylyň iýulyndan 2025-nji ýylyň iýuny aralygynda YouTube aýdym-saz pudagyna 8 mlrd dollardan gowrak töledi. Bu maglumatlar wideohostingiň 23-nji oktýabrdaky hasabatyndan gelip çykýar. Kompaniýa munuň platforma üçin rekord mukdardygyny belledi: ýyllyk tölegler 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2 mlrd dollar artdy...

19.06.2025 09:53
10k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi

Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar...

25.05.2025 19:06
7.2k+

MrBeast öz taslamalary bilen iň ýaş milliarder derejesine ýetdi

MrBeast lakamy bilen tanalýan 27 ýaşly YouTube blogeri Jimmi Donaldson baýlygyny öz taslamalarynyň kömegi bilen gazanan dünýäde iň ýaş milliarder boldy. Blogeriň baýlygy 1 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar, aýlyk girdeji bolsa, takmynan, 50 mln dollara barabar...