Ermenistanyň Parlamenti ÝB-ne goşulmak prosesini başlatmak hakynda kanunyň taslamasyny tassyklady

  • 13.02.2025 19:50
  • 3.4k+

Ermenistanyň Parlamenti "Ermenistan Respublikasynyň Ýewropa Bileleşigine goşulmak prosesiniň başlanandygy hakyndaky" kanunyň taslamasyny birinji garamakda tassyklady. Armenpress-iň habar bermegine görä, kanunyň taslamasyny 63 deputat goldady, ýedisi garşy çykdy.

Hökümetiň başyndaky “Raýat şertnamasy” fraksiýasynyň wekilleri resminamany goldap ses berdiler. “Ermenistan alýansy” oppozisiýa fraksiýasy ses berişlige gatnaşmady, beýleki bir “Hormatym bar” oppozisiýa fraksiýasy garşy ses berdi. Ermeni parlamentinde jemi 107 deputat bar.
Bu kanunyň taslamasy “Demokratik güýçleriň platformasy” raýat başlangyjy topary tarapyndan gurnaldy we başlangyjy parlamente hödürlemek üçin zerur bolan 50 müň gola derek 60 müň gol ýygnamagy başardy. Ermenistanyň hökümeti kanunyň taslamasyny 9-njy ýanwarda makullady.
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bu kanun taslamasynyň "Ermenistanyň Ýewropa Bileleşigine sözüň göni manysynda agza boljakdygyny  aňlatmaýandygyny" we bu mesele boýunça kararyň "diňe referendum arkaly kabul edilip bilinjekdigini" aýtdy.
Paşinýan: "Kanun kabul edilenden soň, ÝB bilen olaryň göz öňüne getirýän we öz göz öňümize getirýän ýol kartalaryzy ara alyp maslahatlaşmaly" -diýdi.


08.06.2026 15:17
3.7k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 15:42
3.4k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
5.8k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

31.05.2026 13:30
7k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....