Türkmenistanda 6 müň 830 metrlik guýudan nebit kondensaty we gaz akymy alyndy

  • 13.02.2025 15:01
  • 10k+

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary «Uzynada» känindäki 85 belgili täze çuň guýynyň buraw we gurluşyk işleri tamamlanyp, önümçilige girizdiler. Guýynyň çuňlugy 6 müň 830 metr bolup, ondan gije-gündiziň dowamynda nebit kondensatynyň 70 tonnasy hem-de 75 müň kub metr tebigy gazyň akymy alyndy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň “Uzynada” käninde gazanan üstünligi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda beren gymmatly maslahatlarynyň we tabşyryklarynyň netijeli ýerine ýetirilendigine şaýatlyk edýär. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konserniniň hünärmenleri bilen duşuşyp, türkmen nebitçileriniň nebitgaz gorlaryny artdyrmak, nebitiň, gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan işleri barada söhbetdeş boldy. Şonda bu täze ýatagy çalt depginler bilen özleşdirmek üçin gözleg-agtaryş maksatly guýular bilen bir hatarda, ulanyş maksatly guýularyň gurluşygynyň amala aşyrylmagynyň hem wajypdygy nygtaldy.


düýn 11:30
2.4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...

12.12.2025 16:33
5k+

Uzynada käninde birbada üç sany guýy ulanyşa girizildi

"Türkmennebit" döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň zähmet toparlary Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda ýerleşýän Uzynada käninde birbada üç sany guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap, ulanyşa tabşyrdylar...