Hytaý planetany 2024 YR4 asteroidinden goramak üçin hünärmenleri jemleýär

  • 13.02.2025 14:22
  • 3.9k+

Hytaý Ýeriň 2032-nji ýylda asteroid bilen çaknyşmak ähtimallygy bilen baglylykda hünärmenleriň işjeň gözlegine başlady. Şeýle howsalalaryň sebäbi 2024 YR4 asteroidi boldy diýip, South China Morning Post neşiri ýazýar.

NASA-nyň maglumatlaryna görä, asteroidiň Ýer bilen çaknyşmak ähtimallygy 2,3%-e barabar. Häzir 2024 YR4 bize mälim bolan obýektlerden Ýere gaçmak ähtimallygy bir göterimden geçýän ýeke-täk asteroiddir.
Asteroid Çilidäki ýöriteleşdirilen ATLAS teleskopynda işleýän astronomlar tarapyndan ýüze çykaryldy. Ol 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Ýere 800 müň km aralyga ýakyn geldi (Aýyň orbitasyna çenli aralykdan, takmynan, iki esse uly). Şonda alymlara asman jisiminiň traýektoriýasy we ululygy barada maglumat ýygnamak başartdy. Asteroidiň ululygy 40-dan 100 metre ýetýär, şonuň üçin onuň planeta bilen çaknyşmagy Tungus meteoritiniň gaçyşynyň masştaby ýaly aýdyň waka bolup biler.
South China Morning post asteroid ýüze çykarylandan tiz wagtdan soň Hytaýyň Ýörite taslamalar merkeziniň işgär alynýandygy barada yglan edendigini habar berýär. Häzirki wagtda üç boş iş orny bolup, olar Ýere golaý obýektlere gözegçilik, asteroid howpuny öňünden duýduryş ulgamlary işläp taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr.
Asteroidleriň uçuş traýektoriýasyna täsir edip biljek köp sanly faktorlar bolýar, şonuň üçin alymlar diňe çaknyşma ähtimallygyna baha berip bilýär, ýöne ony takyk çaklap bilmeýär.
Obýekt gözegçilik astynda näçe köp saklansa, şonça-da onuň traýektoriýasyny has takyk kesgitläp, geljekde onuň näderejede howpludygyna baha berip bolýar. 2024 YR4-üň Ýeriň töwereginden indiki uçuşynyň 2028-nji ýylda bolmagyna garaşylýar. Bu döwürde astronomlar täze maglumatlary ýygnap, asteroidiň traýektoriýasynyň näderejede takyk kesgitlenenendigine we howpuň näderejede hakykydygyna baha berip biler.


düýn 12:47
5k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
9.7k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.7k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......