Mask OpenAI-i 97,4 mlrd dollara sorady, Altman bolsa X üçin 9,74 mlrd dollar hödürledi

  • 13.02.2025 13:02
  • 6.5k+

Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask maýadarlar toparynyň üsti bilen OpenAI kompaniýasyny satyn almak başlangyjyny öňe sürdi. Ol ChatGPT döredijisini dolandyrýan täjirçilik däl guramany satyn almak üçin 97,4 mlrd dollar teklip edýär diýip, Wall Street Journal habar berýär.

Häzirki wagtda OpenAI öz gurluşyny üýtgedip, jemgyýetçilik bähbitli korporasiýa (PBC) modeline geçýär. Bu onuň täjirçilik ugurlaryny dolandyryşyň aýratyn bölümçä geçýändigini, täjirçilik däl böleginiň bolsa guramada diňe paýyny saklap galjakdygyny aňladýar.
Maskyň teklibi onuň OpenAI we baş müdiri Sem Altman bilen gapma-garşylygynda nobatdaky waka boldy. 2024-nji ýylyň ahyrynda Tesla-nyň ýolbaşçysy kompaniýa garşy şikaýat arzasyny berip, onuň PBC-e geçmeginiň öňüni almaga çalyşdy. Ol dekabrda hem bu üýtgetmeleri gadagan etmek talaby bilen kazyýete ýüz tutup, onuň OpenAI-iň esasy ýörelgelerine ters gelýändigini aýtdy.
Sem Altman jogap hökmünde Masky “dawa etmegi gowy görýän dawaçyl” diýip atlandyrdy. 2024-nji ýylyň 13-nji dekabryndaky açyk hatda OpenAI Maskyň täjirçilik däl guramasyny esaslandyryjylaryň biri hökmünde özüniň heniz 2017-nji ýylda täjirçilik modelini hödürländigini aýtdy.
Maskyň OpenAI-i satyn almak baradaky täze teklibini-de Sem Altman jogapsyz goýmady.

“Ýok, sagbol, ýöne isleseň, biz Twitteri 9,74 mlrd dollara satyn alyp bileris” – diýip, ol sosial ulgamda ýazdy.

Belläp geçsek, 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Mask Twitter-i 44 mlrd dollara satyn alypdy.


10.05.2026 12:04
1.2k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......