Pariždäki kafe geljekde özüňe hat ibermek hyzmatyny hödürleýär

  • 12.02.2025 20:42
  • 4.7k+

Parižiň Café Pli kafesi üýtgeşik hyzmaty bilen dünýäniň dürli ýerinden myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Kafe müşderilere hat ýazmagy we ony bir ýyl, bäş ýa-da ýigrimi ýyl öňünden geljekde özüňe ibermegi teklip edýär diýip, Daily Mail neşiri ýazýar.

Hat şem bilen möhürlenýär we eltip bermegiň seneleri görkezilen ýörite poçta gutusyna salynýar.
Hyzmatyň bahasy saklanyş möhletine bagly: bir ýyl üçin 15 ýewro, bäş ýyl – 25 ýewro, 20 ýyl – 45 ýewro. Kafe müşderi başga ýere göçen ýagdaýynda, öz saýtynda eltip bermeli ýeriň salgysyny üýtgetmäge-de mümkinçilik berýär.
Şeýle pikir Günorta Koreýadaky şeýle bir bina baryp görenden soň, kafeni esaslandyryjy Ženewýewe Landsmannyň kellesine geldi. Özboluşly konsepsiýanyň netijesinde Café Pli, aýratynam, sosial ulgamlarda meşhur ýere öwrüldi.


01.06.2026 13:04
2.9k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.8k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......