Fýodor Konýuhow kürekli gaýykda Günorta Atlantikadan ýüzüp geçen ilkinji adam boldy

  • 12.02.2025 20:04
  • 7.9k+

Russiýaly syýahatçy Fýodor Konýuhow taryhy üstünlik gazanmagy başardy. Ol “Akros” kürekli gaýygynda Günorta Atlantikadan ýüzüp geçen ilkinji adam boldy.

Bu waka 2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda bolup geçdi diýlip, syýahatçynyň Telegram kanalynda habar berilýär. Munuň üçin 73 ýaşly Konýuhow 68 gün sarp etdi. Ol Dreýk yklymara bogazyndan Günorta Afrika Respublikasyndaky Hoş Umyt burnuna çenli ýol geçdi. Maksadyna ýetmek üçin syýahatçy günde 15 sagat küreklemeli boldy.
Bu tapgyr üstünlikli tamamlanandan soň, Konýuhow öz syýahatyny dowam etdirip, Hindi ummanyny kesip geçmegi we Awstraliýanyň günorta-günbataryndaky Luin burnuna ýetmegi meýilleşdirýär. Onuň öňünde 4200 mil (6700 km-den gowrak) ýol bar.
Uzynlygy dokuz metr bolan “Akros” gämisi azyk önümlerini we enjamlary saklamak üçin suw geçirmeýän otag, şeýle-de syýahatçy üçin dynç alyş ýeri bilen üpjün edildi. Syýahatyň başynda bortda 100 kg sublimirlenen önüm hem-de suwy süýjediji gurluş, hemra aragatnaşygy we Gün batareýasy bardy.
Ýatlap geçsek, Konýuhow 2002-nji ýylda Kanar adalaryndan Barbadosa çenli Atlantik ummanyndan eýýäm geçipdi. 2014-nji ýylda Çiliden Awstraliýa çenli Ýuwaş ummanyny ýüzüp geçdi, 2019-njy ýylda bolsa Täze Zelandiýadan Gorn burnuna ýüzdi. Syýahatçy kürekli gaýyklarda jemi 428 gün geçirdi.


şu gün 01:05
378

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.7k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......