Ýewropa 2031-nji ýylda Aýa Argonaut modulyny iberer

  • 12.02.2025 17:04
  • 2.1k+

Ýewropa kosmos gullugy (ESA) Argonaut Aý modulyny döretmek üçin Thales Alenia Space kompaniýasy bilen, takmynan, 900 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Kompaniýanyň inženerleri Ýeriň emeli hemrasynyň üstüne ýük eltip bermäge niýetlenen Argonaut Aý modulyny döretmeli diýip, Space.com habar berýär.

Meýilnama boýunça apparaty işläp taýýarlamak işi 2030-njy ýylda tamamlanar. Ol 2031-nji ýylda ArgoNET missiýasynyň çäklerinde uçurylar. Ony orbita çykarmak üçin Ariane 6 raketasy ulanylar.
Argonaut 2000 kilograma çenli ýüki daşap biler. Ol astronawtlar üçin azyklary, ylmy enjamlary, lunahodlary we geljekki Aý bazalary üçin elementleri eltip berer diýlip garaşylýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.7k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....