Saud Arabystany zyýaratçylar üçin täze howpsuzlyk çärelerini girizdi

  • 12.02.2025 12:56
  • 17k+

Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrligi 2025-nji ýylda zyýaratçylara çagalary ýany bilen getirmäge rugsat berilmeýändigini mälim etdi. Çözgüt olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi, sebäbi haj zyýaraty uly mähelläniň gatnaşmagynda bolup geçýär diýip, Business Today neşiri habar berýär.

Şeýle-de, häkimiýetler zyýaratyň has guramaçylykly geçirilmegi üçin täze çäreleri girizdi. Olaryň arasynda howpsuzlyk çäreleri barada maglumat beriş kampaniýalary, zyýaratçylaryň hereketini kadalaşdyrmak üçin intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, şeýle-de rahatlygy ýokarlandyrmak we däp-dessurlaryň geçirilişini ýeňilleşdirmek üçin palata lagerlerini we ýodalary döwrebaplaşdyrmak bar.
Ministrlik ygtyýarnamany almakda, öňküsi ýaly, heniz haj parzyny ýerine ýetirmedik adamlaryň ileri tutuljakdygyny ýatlatdy.
2025-nji ýyl möwsümi üçin hasaba alyş Saud Arabystanynyň raýatlary we ýaşaýjylary üçin resmi taýdan açyk. Olar Nusuk programmasy we resmi onlaýn portaly arkaly arza iberip biler.


05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3.1k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......