«Sony World Photo Awards 2025» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 11.02.2025 13:17
  • 10k+

«Sony World Photo Awards 2025» halkara fotosurat bäsleşiginiň emin agzalary milli we sebitleýin baýraklaryň ýeňijilerini yglan etdi.

Şu ýyl bäsleşige 200 ýurtdan 419 müňden gowrak fotosurat hödürlenildi.
Dürli kategoriýalarda iň gowy işleriň awtorlary dünýäniň dürli künjeklerinden boldy:


Hao Go (Hytaý)


Karlos Espinosa (Ekwador)


Peter Swoboda (Slowakiýa)


Timo Zilz (Germaniýa)


Werner De Kok (Günorta Afrika)


Ahmed Abdalla (Müsür)


Mohammad Mirza (Kuweýt)


Çen De-Huan (Taýwan)


Sim Jons Gozali (Indoneziýa)


Kiýoşi Hidziki (Tailand)


Kibon Nam (Günorta Koreýa)

Sony World Photo Awards – dünýäniň iň uly fotosurat bäsleşikleriniň biri bolup, ol Bütindünýä suratçylyk guramasy tarapyndan Sony kompaniýasynyň goldawy bilen geçirilýär. Bäsleşik her ýyl dürli žanrlarda we stillerde öz işlerini hödürleýän professional we höwesjeň suratçylary özüne çekýär.
2025-nji ýylyň aprel aýynda Londonda ýeňijilerden we finala galanlardan ybarat iň gowy işleriň sergisi geçiriler.


07.05.2026 11:00
1.4k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....

25.04.2026 15:31
4k+

Sony World Photography Awards 2026: ýylyň iň gowy suratlary saýlandy

Dünýäniň 200 ýurdundan iberilen 430 müňden gowrak işiň arasyndan «Sony World Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi....

25.02.2026 06:21
3.5k+

Iň gowy peýzaž suratlary: Sony World Photography Awards 2026 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Sony World Photography Awards foto-bäsleşiginiň guramaçylary 2026-njy ýyl üçin peýzaž fotosuraty kategoriýasynda ýeňijileri yglan etdiler. Emin agzalary diňe bir absolýut ýeňijini däl, eýsem ýokary baha mynasyp bolan beýleki awtorlary hem bellediler...

20.02.2026 10:31
2.8k+

Ýabany tebigatyň iň gowy suratlary: Sony World Photography Awards 2026-nyň ýeňijileri yglan edildi

2026-njy ýylda Sony World Photography Awards fotosuratlaryň bäsleşigi on dokuzynjy gezek geçirilýär. Bu baýrak fotosurat pudagynda iň meşhur we abraýly bäsleşikleriň biri hasaplanýar we her ýyl bütin dünýäden gatnaşyjylary özüne çekýär...