Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Prezidentini Ynkylap güni bilen gutlady

  • 11.02.2025 08:45
  • 4.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Gutlag haty resmi metbugatda çap edildi.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Eýrany köp ýyllaryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belläp, özara bähbitli türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki doganlyk halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Eýranyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Ynkylap güni 1979-njy ýylda Yslam rewolýusiýasynyň ýeňşi mynasybetli bellenilip geçilýär. Onuň netijesinde Eýran Yslam Respublikasy döredildi.


düýn 11:41
3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......