Windows 10-da galmaklyk ulanyjylara gymmada düşer

  • 10.02.2025 22:58
  • 1.8k+

Microsoft geçen ýyl Windows 10 operasion ulgamy üçin resmi goldawyň 2024-nji ýylyň oktýabrynda bes ediljekdigini habar beripdi. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa ulanyjylaryň şol döwürden soň howpsuzlyk täzelenmelerini tölegli esasda alyp biljekdigini mälim edipdi. Indi bolsa Microsoft korporasiýasy ESU (Extended Security Updates – Giňeldilen howpsuzlyk täzelenmeleri) programmasyny, onuň jikme-jikliklerini we bahasyny köpçülige ýetirdi. Bu barada TechSpot neşiri habar berýär.

ESU programmasy Windows 11-e geçmäge taýyn bolmadyk ulanyjylar üçin niýetlenendir. Ol ulanyjylary howpsuzlyk täzelenmeleri bilen üpjün eder.
Häzirki maglumatlara görä, ESU programmasyna Windows 10 22H2 wersiýasy bolan kompýuterler goşulyp bilerler. Onuň birinji ýylynyň tölegi bolsa 61 dollardan başlar.
Mundan başga-da, Microsoft bu programmadaky ýyllyk tölegleriň her ýyl iki esse artjakdygyny we ESU hyzmatynyň üç ýyl dowam etjekdigini mälim etdi. Bu strategiýa ulanyjylaryň Windows 11-e çalt geçmekleri üçin alnyp barylýar.
StatCounter-iň statistikalaryna görä, häzirki wagtda Windows 11 bazaryň 36,7%-ini eýeleýär. Şeýle-de bolsa, meşhurlyk boýunça birinjiligi henizem bazardaky 60,33%-lik paýy bilen Windows 10 saklaýar.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...