Windows 11 bazar paýyny rekord derejede artdyrdy, ýöne şonda-da Windows 10-dan heniz ep-esli yzda

  • 05.02.2025 13:23
  • 1.2k+

Windows 11 platformasyna geçiş durnukly depginlerde dowam edýär. Häzirki wagtda bu operasion ulgamy bazaryň 36,7%-ini eýeleýär. Şeýle-de bolsa, meşhurlyk boýunça birinjiligi henizem bazardaky 60,33%-lik paýy bilen Windows 10 saklaýar. Bu barada StatCounter-iň statistikalaryna salgylanyp, Windows Central habar berýär.

Şu ýylyň iýul aýynda Windows 10 operasion ulgamyna 10 ýyl dolýar. Oktýabr aýynda bolsa Microsoft ony hyzmat möhletiniň soňky tapgyryna geçirer. Bu ýagdaý mugt tehniki goldawyň we täzelenmeleriň bes ediljekdigini aňladýar. Edara görnüşli müşderiler Windows 10 bilen işlemegi dowam etdirmek isleýän bolsalar, möhüm täzelenmeler üçin töleg tölemeli bolarlar. Şol sebäpden, belli bir wagtdan soň, olara Windows 11-e geçmek has amatly bolar.
Mälim bolşy ýaly, Windows 11-iň işlemegi üçin esasy plata TPM 2.0 moduly bilen enjamlaşdyrylmaly, emma bu çäklendirmäni aňsatlyk bilen geçip bolýar. Şeýle-de bolsa, Windows 11-e geçiş täze kompýuterleriň satuw möçberiniň köpelmegine itergi berer diýlip garaşylýar. Öndürijiler geçen ýyl şu ýagdaýyň amala aşmagyna garaşýardylar, ýöne olaryň meýilleri hakykata öwrülmän galypdy. Bu ýyl bolsa Windows 10 üçin goldawyň bes ediljek senesiniň ýakynlaşýandygy sebäpli, Windows 11-e geçiş has-da ýygjamlaşar.
Ýene bir zada ünsüňizi çeksek, Windows 7 henizem bazaryň 2,4%-ini eýeleýär. Onuň goldawy mundan birnäçe ýyl öň bes edilipdi. Käbir ulanyjylar öňden ulanýan operasion ulgamlarynda galmak isleýärler, sebäbi täze operasion ulgamyna geçmek olar üçin tehniki we guramaçylyk taýdan çylşyrymly bolup biler. Mysal üçin, Beýik Britaniýanyň saglygy goraýyş ulgamynda 2018-nji ýyla çenli Windows XP ulanylypdy, olar diňe şol ýyldan soň Windows 10-a geçipdiler.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...