Beýik Britaniýada laboratoriýada öndürilen etden itler üçin iýmit satuwa çykaryldy

  • 10.02.2025 22:07
  • 2.7k+

Beýik Britaniýada laboratoriýada öndürilen etden ýasalan, itler üçin niýetlenen iýmit satuwa çykaryldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär.

Itler üçin niýetlenen iýmitiň öndürijisi bolan «Meatly» kompaniýasynyň aýtmagyna görä, bu et towugyň birje ýumurtgasyndan alnan öýjügiň nusgasynyň esasynda öndürilipdir.
Bellenmegine görä bu etiň «adaty towugyň döş eti ýaly tagamy we iýmitlik gymmaty» bardyr. Ol öý haýwanlarynyň saglygy üçin zerur bolan aminokislotalary, ýag kislotalaryny, minerallary we witaminleri öz içine alýar.
2024-nji ýylyň iýul aýynda Beýik Britaniýa Ýewropada haýwanlar üçin niýetlenen iýmitlerde laboratoriýada öndürilen etiň ulanylmagyny goldan ilkinji ýurt boldy. Munuň sebäbi, «Meatly» kompaniýasynyň öndüren towuk etiniň Beýik Britaniýanyň Daşky gurşaw, azyk we oba hojalygy ministrligi (Defra) hem-de Haýwanlaryň we ösümlikleriň saglygyny goramak gullugy (APHA) tarapyndan tassyklanmagydyr.


16.06.2026 23:19
2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......