NASA HKS-de galan astronawtlary yzyna gaýtarmagyny tizleşdirer: olar 19-njy martda getiriler

  • 10.02.2025 16:31
  • 5.6k+

NASA astronawlar Butç Uilmor bilen Sunita Uilýamsy Halkara kosmos stansiýasyndan yzyna getirmegi tizleşdirmek kararyna geldi. Olaryň Ýere gaýdyp gelmegi 19-njy marta meýilleşdirilýär diýip, ArsTechnica ýazýar.

Crew-10 missiýasy üçin ulanylmaly SpaceX Dragon C213 gämisi bilen baglanyşykly tehniki meseleler sebäpli, bu meýilnama gaýtadan seretmeli boldy. Indi NASA zeper ýeten gämini SpaceX-iň başga bir modeli – öň kosmosa birnäçe gezek çykan C210 Endurance bilen çalyşmagy göz öňünde tutýar.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ony 12-nji martda uçurmak meýilleşdirilýär, eger ugruna bolsa, bu Crew-10 ekipažyna (Uilýams, Uilmor, şeýle-de Nik Heýg we russiýaly kosmonawt Aleksandr Gorbunow) eýýäm 19-njy martda – meýilleşdirilenden birnäçe hepde öň HKS-den gaýtmaga mümkinçilik berer.
Eger gämi çalşylsa, SpaceX ýazda meýilleşdirilen Axiom-4 missiýasynyň çäklerinde HKS-e “syýahatçylyk” uçuşyny yza süýşürmeli bolar, çünki onuň üçin C210 gämisi taýýarlanypdy. Eger inženerlere täze gämidäki näsazlyklary düzetmek başartsa, C213 bu gäminiň ornuny eýelär.
SpaceX NASA-nyň pikirinden ýüz öwürmese gerek, sebäbi mundan öň kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Mask ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa astronawtlary mümkin boldugyndan ir yzyna gaýtarmaga wada beripdi. ABŞ-nyň täze administrasiýasynyň syýasy beýanatyna garamazdan, NASA öz çözgütlerini tehniki we logistiki şertler bilen esaslandyrýar. Bellenilişi ýaly, astronawtlaryň yzyna getirilmegini tizleşdirmek baradaky çözgüt Tramp wezipä girişmezden ozal kabul edildi.


27.06.2026 11:02
1.9k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 22:53
6.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
2.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

17.06.2026 17:42
6.4k+

«Mugt Buharda ýok»: Starlink mugt hyzmatlary ýatyryp, enjamlar üçin töleg almakçy

SpaceX kompaniýasy özüniň Starlink hemrasyndan internet hyzmatyna goşulmagyň düzgünlerini üýtgetdi. Operator hakykat ýüzünde ulanyjy terminalyny mugt bermek programmasyny ýapdy....