Nissan täze hyzmatdaşlar üçin açyk: dalaşgärleriň arasynda iPhone öndürýän Foxconn bar

  • 10.02.2025 16:14
  • 2.4k+

Honda bilen birleşmek baradaky gepleşikler şowsuz gutarandan soň, Nissan ýapon awtoöndürijisi beýleki kompaniýalardan teklipler üçin açyldy. Bazarda ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmek üçin, kompaniýa beýleki pudagyň kompaniýalary, şol sanda tehnologiýa ägirtleri bilen hem hyzmatdaşlygy gözden geçirmäge taýýar diýip, Reuters habar berýär.

Mundan öň Nissan-yň Honda bilen gepleşiklerden çykandygy we onuň golçur kärhanasy bolmakdan ýüz öwrendigi habar berildi.
Mümkin bolan hyzmatdaşlaryň biri elektronika, şol sanda iPhone öndürijisi Foxconn hasaplanýar. 2024-nji ýylyň dekabr aýynda kompaniýa elektromobil pudagynda hyzmatdaşlyk etmek teklibi bilen Nissan-a ýüz tutdy, ýöne şol wagt awtoöndüriji bu teklibi ret etdi.
Foxconn elektromobil önümçiligi boýunça işewürligi işjeň ösdürýär. Kompaniýada bu bölümçä Nissan-yň öňki top-menejeri Jun Seki jogap berýär. Birwagtlar ol Nissan-yň baş müdiri wezipesine dalaşgär hasaplanýardy, ýöne bu wezipäni ahyrynda häzirki ýolbaşçysy eýeledi.


14.05.2025 14:56
3.2k+

Nissan çökgünlikden halas bolmak üçin 10 müň işgärini işden çykarar

Ýaponiýanyň Nissan awtoöndürijisi maliýe kynçylyklaryny ýeňip geçmek we bäsdeşlige ukyplylygy saklamak üçin dünýä boýunça 10 000 işgärini işden çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada NHK neşiri habar berýär. Öňki işden çykarylanlary göz öňünde tutsaň, olaryň umumy sany 20 000 adama ýeter, bu bolsa kompaniýanyň umumy işgärleriniň 15%-ine deňdir...

25.06.2026 20:11
3.4k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.5k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......