Nissan çökgünlikden halas bolmak üçin 10 müň işgärini işden çykarar

  • 14.05.2025 14:56
  • 3.2k+

Ýaponiýanyň Nissan awtoöndürijisi maliýe kynçylyklaryny ýeňip geçmek we bäsdeşlige ukyplylygy saklamak üçin dünýä boýunça 10 000 işgärini işden çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada NHK neşiri habar berýär.

Öňki işden çykarylanlary göz öňünde tutsaň, olaryň umumy sany 20 000 adama ýeter, bu bolsa kompaniýanyň umumy işgärleriniň 15%-ine deňdir.
Kompaniýa düýpli maliýe kynçylyklary we rekord ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz boldy.
Aprel aýynda Nissan mart aýynda tamamlanan maliýe ýylynyň jemi boýunça 700 – 750 mlrd ýena ($4,74-5,08 mlrd) möçberde arassa ýitginiň bolmagyna garaşýandygyny aýtdy. Munuň esasy sebäpleri aktiwleriň bahasyna gaýtadan seredilmegi we ABŞ-nyň hem Hytaýyň bazarlarynda girdejileriň azalmagy boldy.
Işden çykarmalar kompaniýanyň dünýädäki önümçilik we ofis bölümleriniň işgärlerine täsir eder. Kompaniýa çykdajylaryň artýan we islegiň durnuksyz döwründe bäsdeşlige ukyply bolup galmak üçin, çykdajylary azaltmagy we biznesi gaýtadan guramagy maksat edinýär.
Bilermenler Nissan-yň meseleleriniň dünýäniň awtoulag pudagyndaky çökgünligi görkezýändigini belleýär. Elektromobillere geçiş we hytaý brendleri bilen bäsdeşlik kompaniýany kyn ýagdaýa goýýar.
Şowsuzlyklara garamazdan, 2025-nji ýylyň fewral aýynda Nissan elektrosedan, elektrohetçbek, miniwen, siti-kar, keý-kar we iki krossower ýaly ýedi sany täze modeli çykarmak meýilnamasyny hödürledi. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa operasion çykdajylary 2,6 mlrd dollar azaltmak we täze awtomobiller üçin çykdajylary azaltmak isleýär.


10.02.2025 16:14
2.4k+

Nissan täze hyzmatdaşlar üçin açyk: dalaşgärleriň arasynda iPhone öndürýän Foxconn bar

Honda bilen birleşmek baradaky gepleşikler şowsuz gutarandan soň, Nissan ýapon awtoöndürijisi beýleki kompaniýalardan teklipler üçin açyldy. Bazarda ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmek üçin, kompaniýa beýleki...

düýn 23:59
884

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus sturtapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

düýn 13:09
6.6k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

düýn 12:35
1.8k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......