Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä, kompaniýalar eýýäm meýilnama boýunça bir-birinden aýrylyşdylar.
Şeýlelikde Meta-nyň işgärlerine Manus-yň gurallaryny içerki taslamalarda ulanmak gadagan edildi, startapyň işgärleriniň bolsa korporatiw maglumat bazalaryna bolan elýeterliligi kesildi.
Manus Hytaýda esaslandyrylyp, soňra ştab-kwartirasyny Singapura göçüripdi. Meta bu işläp düzüjini satyn alýandygyny geçen ýylyň dekabr aýynda mälim edipdi. Şondan soň derňew işleri başlandy we aprel aýynda Hytaýyň kadalaşdyryjy edaralary daşary ýurt maýa goýumlarynyň howpsuzlygyny barlamak esasynda ylalaşygy ýatyrmagy talap etdiler.
Hytaý häkimiýetleriniň strategik taýdan möhüm pudaklarda tehnologiýa eksportyna we serhetüsti ylalaşyklara bolan gözegçiligi güýçlendirendigi habar berilýär.