"Aşgabat" gazeti Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan etdi

  • 09.02.2025 13:47
  • 6.8k+

Aşgabat gazeti «Arkadagly Gahryman Serdarly ak şäherim Aşgabat!» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşik Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti we Magtymguly adyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy bilen bilelikde guralýar.

Bäsleşik 25-nji maýda bellenilip geçilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýär. Oňa ýaşyna garamazdan, isleg bildirýänleriň ählisi gatnaşyp biler. Bäsleşige türkmen paýtagtynyň gözel keşbini we ajaýyplygyny beýan edýän makalalar, goşgular, fotosuratlar we fotokollažlar hödürlenip bilner.
Hödürlenjek işler hakyky we öň hiç ýerde neşir edilmedik bolmaly. Bäsleşik üçin materiallary "Aşgabat" şäheriniň redaksiýasyna bäsleşigiň adyny ýazyp, 15-nji maýa çenli ibermeli. 
Bäsleşigiň ýeňijileri 25-nji maýda yglan ediler. Iň gowy materiallar gazetde neşir ediler.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 12 39-96-24
+993 12 39-96-34


23.06.2026 19:04
7.3k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......