Burj-Halifada dünýäniň iň beýik öýleri satylýar. Bahasy 51 mln dollar

  • 09.02.2025 11:12
  • 11k+

Dubaýda dünýäniň iň beýik otaglary satuwa çykaryldy. Burj Halifanyň 107-nji we 108-nji gatlaryny eýeleýän dupleks 51 mln dollara siziňki bolup biler diýip, Luxury Life Style ýazýar.

Sky Palace (Asman köşgi) penthausy 460 metr belentlikde ýerleşip, 1 950 inedördül metr meýdany eýeleýär. Häzirki wagtda otaglar diňe bir “gabyk” bolup, emlägiň öz adyna mynasyp kaşaň görnüşe eýe bolmagy üçin, takmynan, 4,9 mln dollar möçberde maýa goýumy talap edýär.


360 gradus penjireler bilen şähere tarapa görnüşden başga-da, ýaşaýyş otaglarynyň hususy lifti we 12 sany awtoduralga ýeri bar. Şeýle-de, onuň aýratynlyklaryna 123-nji gatdaky hususy myhmanhana elýeterlilik, 43-nji we 76-njy gatlardaky jakuzi we basseýn, iki ýokary derejeli SPA-salon we üç sport zaly girýär. Ýaşaýyş otaglarynyň täze eýesi Armani myhmanhanasynyň amatlyklaryna we diňde ýerleşýän hususy ýapyk baglara hem elýeterlilik alar.


Penthaus barada maglumat 13 ýyl gizlin saklandy, emläk täsirli bir şahsyýet üçin ätiýaçlykda goýuldy. Ýerleşýän ýeriniň beýikligi netijesinde täze eýeler şahsy durmuşynyň doly gizlinligini gazanar.
Burj-Halifa diňi dünýäniň iň beýik binasy adyny göterýär. Onuň beýikligi 828 metre ýetýär.


düýn 16:31
3.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
3.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.3k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.5k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......