Saturnyň hemrasy Enseladda ummanlar kosmos enjamlaryndan ýaşaýyş alamatlaryny gizleýär

  • 09.02.2025 01:24
  • 4.2k+

Beýleki planetalarda ýa-da asman jisimlerinde buzuň astyndaky ummanlarda ýaşaýşy gözlemek pikir edilenden has kyn bolup biler. Enselad boýunça geçirilen gözlegler, onuň ummanyndaky fiziki prosesleriň biologiki yzlaryň ýüze çykmagyna päsgel berýändigini görkezýär. Bu barada geçirilen gözlegiň netijeleri «Communications Earth & Environment» ylmy žurnalynda neşir edildi.

Saturnyň hemrasy bolan Enseladyň ummanynda ýaşaýyş bar hem bolsa, hatda ol ýerde tutuşlygyna mikroblar mesgen hem tutan bolsa, gynansak-da olar biziň kosmos enjamlarymyzdan «gizlenýärler». Nädip? Modelirlemelere görä, bu suwly dünýäniň gurluşy himiki we biologiki bölejikleriň hereketini haýalladýan gatlaklary emele getirýär. Netijede ýaşaýşyň mümkin bolan yzlary, zondlar olary ýüze çykarmazdan ozal ýitip gidip bilýär.
Enselad buz örtüginiň astyndan kosmosa tarap «suw» zyňýar. Bu ony başga planetalarda ýaşaýşy gözlemek üçin geljegi uly nyşanlardan birine öwürýär. Emma gözlegiň awtorlary, Enseladyň ummanynyň ýagyň we suwuň garyndysyna meňzeýändigini ýüze çykardylar. Geçirilen seljermelere görä, onuň gatlaklary biri-biri bilen garyşmaýar. Bu ýagdaý bolup biljek potensial biologiki yzlaryň ýüz müňlerçe ýyllap aşakda saklanyp biljekdigini görkezýär.
Bu bolsa, hatda ummanyň düýbünde ýaşaýyş bar hem bolsa, olaryň yzlarynyň üste çykyp bilmejekdigini aňladýar.

«Özüňiz pikir edip görüň, mysal üçin siz Ýerdäki ummanlaryň düýbündäki ýaşaýşyň yzlaryny tapmaly diýeli, ýöne suwuň diňe ýüzünden nusga alyp öwrenmäge rugsat berilýär. Ine, Enseladda-da şuňa meňzeş ýagdaý bar» diýip, gözlegiň awtordaşy, Reding uniwersitetinden Flinn Eýms düşündirýär.

Şuňa meňzeş ýagdaýlar, ýaşaýşa gabat gelýän Gün ulgamyndaky beýleki hemralarda hem ýüze çykap biler. Enseladdan başga-da, Ýupiteriň hemralary Ýewropa we Ganimedde, şeýle-de Neptunyň hemrasy Tritonda hem buzuň astynda ummanlar bar.

Awtorlar geljekdäki kosmos missiýalarynyň strategiýalarynyň gaýtadan gözden geçirilmegini maslahat berýärler. Enselada ugrukdyrylan kosmos enjamlary diňe bir ýüzleý zyňyndylaryny däl-de, hemranyň ummanynyň çuňlugyny hem öwrenmäge ukyply bolmalydyr.


şu gün 00:18
261

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.2k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....