Alymlar EKO arkaly dünýäde ilkinji gezek kenguruwyň embrionyny döretdiler

  • 09.02.2025 01:13
  • 6.8k+

Awstraliýaly hünärmenler dünýäde ilkinji gezek «synag çüýşesinde» kenguruwyň embrionyny döretdiler. Barlagçylaryň aýtmagyna görä, bu üstünlik koala, tasmaniýa "arwahy" we demirgazyk ýüňli wombaty ýaly ýitip gitmek howpy abanýan torbaly haýwanlaryň goralmagy ugrunda täze mümkinçilikleri açýar diýip, BBC habar berýär.

Awstraliýa torbaly süýdemdirijileriň iň köp görnüşiniň ýaşaýan ýurdy bolsa-da, bu ýerde süýdemdiriji haýwanlaryň ýitip gitmek derejesi hem örän ýokarydyr.
Gündogar çal kenguruwlaryň nusgalary bilen geçirilen synag, torbaly haýwanlaryň köpelmegi barada möhüm maglumatlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Şol bir wagtyň özünde, olaryň diri dogulmagyny gazanmak üçin tehniki ösüşleriň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi zerur bolar.
Geçen ýyl Keniýada surrogat enelik usuly arkaly dünýäde ilkinji gezek kerkiň (nosorog) göwreliligi gazanyldy, 2018-nji ýylda bolsa ilkinji gezek eşegiň embriony döredildi.
Alymlar bu usullaryň Awstraliýanyň özboluşly haýwanat dünýäsiniň genetiki köpdürlüligini saklamaga ýardam berjekdigine umyt baglaýarlar, sebäbi bu ýurtda süýdemdirijileriň ýitip gitmek howpy örän ýokarydyr.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....