TikTok-da 60-90 sekuntlyk wakalardan ybarat mini-seriallar meşhurlyk gazanýar

  • 08.02.2025 18:19
  • 5k+

TikTok-da 60-90 sekuntlyk wakalardan ybarat bolan örän gysga seriallar uly meşhurlyk gazanýar. 2024-nji ýylda Hytaýda olaryň önümçiliginden gazanylan girdeji 35% ýokarlanyp, 6,91 mlrd dollardan geçdi. Bu barada Bloomberg habar berýär.

Şeýle görnüşli taslamalardan iň meşhur seriallaryň biri “Milliarder ýanýoldaşymyň iki durmuşy” (Двойная жизнь моего мужа-миллиардера) boldy. Onda ejesiniň bejergisini tölemek üçin şowsuz we öň tussaglykda oturan adama durmuşa çykýan zenan barada gürrüň berilýär. Serial 49 bölümden ybarat, ýöne olaryň her biri bary-ýogy birnäçe minut dowam edýär. Ulanyjylar awtorlardan täze bölümleri has çalt çykarmagy haýyş edýärler.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, her gün şeýle seriallara hytaýly internet ulanyjylaryň ýarysy tomaşa edýär.

“Meniň pikirimçe, mini-dramalar ýene birnäçe ýyldan hatda adaty kino-bazaryndan öňe geçip, esasy güýmenje görnüşine öwrülip biler” – diýip, “Milliarder ýanýoldaşymyň iki durmuşy” serialyny düşüren ReelShort-yň baş müdiri Joi Jia belledi.

Mini-seriallar Hytaýda 2018-nji ýylda peýda boldy. Häzir ýurtda her ýyl 5-8 müň täze serial çykarylýar – bu dünýäniň beýleki ýerlerindäkiden on esse köpdür.


şu gün 11:31
701

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.5k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....