Ženewada parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde Türkmenistanyň başlangyçlary maslahatlaşyldy

  • 08.02.2025 13:06
  • 5.6k+

2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Ženewada Türkmenistanyň BMG-niň edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýewiň Ženewa Parahatçylyk Platformasynyň (Geneva Peacebuilding Platform) ýolbaşçysy doktor Annissa Bellal hem-de BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň ýanyndaky Parahatçylyk uniwersitetiniň hemişelik wekili, ilçisi Dawid Fernandes Puýana bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Taraplar parahatçylygy üpjün etmek üçin ynanyşmagyň esasy faktor bolup durýandygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi Hajiýew Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan "Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilendigini ýatlatdy. Şeýle-de, şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär, bu bolsa ýurduň daşary syýasatynyň möhüm binýady bolup durýar.
Duşuşyga gatnaşyjylar halkara giňişliginde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek maksady bilen bilelikdäki neşirleriň, taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hem-de çäreleriň guralmagy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar mundan beýläk-de özara hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirip, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary ilerletmek üçin dialogyň möhümdigini nygtadylar.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
745

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......