Billi Aýliş zenjebil we sandal äheňli "Your Turn" atly atyryny çykardy

  • 08.02.2025 12:41
  • 1.8k+

Meşhur aýdymçy Billi Aýliş täze atyr çykardy. "Your Turn" atly atyryň çüýşesi zar şekilli görnüşde ýasaldy.

Atyryň ysly düzümi zenjebiliň, bergamotyň we ýiti ysly kardamonyň açyk äheňlerinden başlanýar. Soňra şetdalynyň, ýaseminiň we kokos suwunyň akkordlary  açylýar. Ýumşak sandal agajynyň äheňi ysa çuňluk we ýylylyk goşmak bilen, müşki yslar çemenini tamamlaýar.
Aýlişiň sözlerine görä, ys şahsyýeti we adamlar özüne bil baglanlarynda ýüze çykýan tükeniksiz mümkinçilikleri aňladýar.

“Özbaşyna gymmaty bolan çüýşeli atyrlary men çyndanam halaýaryn. Şonuň üçin öz hoşboý ysly atyrlarym üçin çüýşeleri döredenimde bu hemişe meniň pelsepämdi - bularyň hemmesi sungat eserleri "-diýip, Billi Cosmopolitan neşirine gürrüň berdi.

Billi Aýlişiň atyr brendiniň resmi web sahypasynda atyr 90 dollara satylýar.
Aýdymçy ozal Eilish, Eilish No2 we Eilish No.3 atyrlarynyň çäkli neşirini çykarypdy. Onuň atyrlar setirindäki her täze müşki süýji wanil äheňlerinden has ýakymly, mylaýym görnüşlere öwrüldi.

05.06.2026 13:07
3.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....