Pompeýlerde b.e. 79-njy ýylyndaky wulkan atylmasyndan gaçan adamlaryň yzlary tapyldy

  • 08.02.2025 12:38
  • 5.7k+

Italiýada iki müň ýyl ozal biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynda bolup geçen Wezuwiý wulkanynyň weýrançylykly atylmasyndan gutulmaga synanyşan adamlaryň we haýwanlaryň yzlary tapyldy. Açyş Pompeýden 13 km uzaklykda ýerleşýän Noçera-Inferýore şäheriniň golaýyndaky gaz geçirijisinde alnyp barylýan işler mahalynda ýüze çykaryldy diýip, Daily Mail neşiri habar berýär.

Alymlaryň sözlerine görä, bu ýagdaýda gürrüň miladydan öňki 1995-nji ýylda Wezuwiýden gaçyşlyk barada gidýär. Awellino betbagtçylygy diýlip atlandyrylýan atylyş azyndan üç sagat dowam etdi. Ol pemzanyň çykmagy we 25 km radiusdaky meýdany öz içine alýan piroklastiki tolkun bilen utgaşdy.
Yzlar erkeklere, aýallara, çagalara we, ähtimal, goýun-geçilere degişlidir. Olar gyzgyn wulkan materialynyň üstünden kimse aýakýalaňaç, kimse aýakgaply geçipdirler. Gaçyp gutulany-gutulmadyklary anyk belli däl.
2006-njy ýylda PNAS žurnalynda çap edilen barlag bu betbagtçylygyň biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylyndaky atylmagyndan has heläkçilikli bolup biljekdigini görkezýär. Şondan soň adamlar bu sebitde birnäçe asyrlap mesgen tutmandyrlar.


şu gün 08:02
1.1k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

şu gün 07:48
894

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

düýn 22:30
1.5k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......