(2025-nji ýylyň 7-nji fewraly)
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly üstünlikleri gazandyk, bellän meýilnamalarymyzy ýerine ýetirdik.
Döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim, şol sanda senagatda 1,5 göterim, söwdada 10,1 göterim, oba hojalygynda bolsa 5,3 göterim boldy.
Maýa goýumlar 9,1 göterim artdy. Hasabat döwründe jemi 5 müň 735 sany täze iş orny döredildi. Ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 86 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi.
Ýangyç-energetika toplumyna degişli iri taslamalar durmuşa geçirildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi. Ahal we Lebap welaýatlarynda Bäherden hem-de Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyry, Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi we elektrik beketleri işe girizildi. Döwrebap agyz suwuny arassalaýjy desgalar ulanmaga berildi.
Köpetdagyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we akyldar şahyrymyzyň heýkeli, şeýle hem Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumy, saglygy goraýyş maksatly halkara merkezler we beýleki desgalar ulanmaga berildi.
Daýhanlarymyz ekinlerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler. 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti kabul edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberi ýene-de artdyryldy.
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe halkara çäreler guraldy. Ýurdumyzda söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum ýokary derejede geçirildi.
Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Biz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygymyzy yzygiderli ösdürýäris. Geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde birnäçe Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Bu bolsa Bitarap döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem Bitarap Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
«Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Biz şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçäni, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumyny açyp ulanmaga tabşyrarys. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebi ulanmaga berler.
Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.
Ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli möhüm ähmiýeti bolan birnäçe halkara çäreleri geçireris. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli diňe bir ýurdumyzyň raýatlaryny däl, eýsem, daşary ýurtly raýatlary hem sylaglamak boýunça degişli teklipleri taýýarlamaly. Ýylymyzyň aýratyn möhüm wakalaryna öwrüljek bu şanly seneleri geçirmek boýunça häzirden ýokary derejede taýýarlyk görmeli.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Görşüňiz ýaly, şu ýyl üçin kabul eden maksatnamamyz örän köp işleri öz içine alýar. Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2025-nji ýylda bellän sepgitlerimize, maksatlarymyza ýetjekdigimize berk ynanýaryn.